Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:21 - Mukaddes Kitap

21 «Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 «Мениң болса, олар билен эдйән әхтим, ине, шудур: үстүңиздәки Рухум, агзыңыза салан сөзлерим шу гүнден эбедә ченли өз дилиңизден, зүрятларыңызың дилинден, зүрятларыңызың зүрятларының дилинден дүшмесин». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:21
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.


Olary barmaklaryňa dak, ýüregiň gatyna ýazyp goý.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.


«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».


Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.


Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr.


Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.


Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi.


Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi.


Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy.


Men size Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleriňizi edýärsiňiz».


Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.


onda Hudaýa Mukaddes Ruh arkaly hyzmat etmekligiň şöhraty ondan parlak dälmidir?!


«Ol günlerden soň, Meniň olar bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunlarymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ