Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:20 - Mukaddes Kitap

20 «Siona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 «Сиона, Якуп неслинден болуп, языкларындан дөненлере Пенакәр гелер». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:20
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.


Aman galanlar, Ýakubyň aman galanlary gudratly Hudaýa dolanarlar.


Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, onuň diňe aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar.


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


Edil Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, bu belalaryň ählisi biziň başymyzdan indi. Emma biz etmişlerimizden el çekip, Hudaýymyz Rebden mähir-muhabbet dilemedik, Onuň hakykatyna pitiwa etmedik.


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».


Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.


Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.


Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».


Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ