Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýazyklaryňyz Hudaýyňyz bilen araňyza aýralyk saldy, sesiňizi eşitmez ýaly, günäleriňiz Onuň ýüzüni sizden gizledi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Языкларыңыз Худайыңыз билен араңыза айралык салды, сесиңизи эшитмез ялы, гүнәлериңиз Онуң йүзүни сизден гизледи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:2
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb erbetlerden daşdadyr, dogruçyllaryň dogasyny bolsa eşidýär.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.


Ine, siz dawa, jenjel bilen, rehimsiz ýumruklama bilen agyz bekleýärsiňiz. Bu günki agyz bekleýşiňiz bilen ýokarda sesiňizi eşitdirmersiňiz.


Etmişleriňiz bulary sizden uzaklaşdyrdy, günäleriňiz sizi ýagşylykdan mahrum etdi.


Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.


Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular.


Goşun düşelgä gaýdyp gelende, Ysraýylyň ýaşululary şeýle diýdiler: «Näme üçin Reb bizi piliştliler bilen söweşde ýeňlişe sezewar etdikä? Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ