Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:17 - Mukaddes Kitap

17 Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ол догрулыгы совут кимин гейинди, гутулыш тувулгасыны башына гейди; өч алыш лыбасына бүренди, газап донуны гейди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:17
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogruçyllygy eşik kimin geýdim, ol meni örtdi; adalatym bolsa don we selle kimindi.


Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.


Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“».


Reb pälwan dek öňe gidýär, urşujy kimin gazabyny artdyrýar, gygyryp, söweş nagrasyny çekýär, duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.


Näme üçin lybasyň gyrmyzy, eşigiň üzüm sykýanyňky kimin?


«Üzümi ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler.


Meniň bilen gepleşen perişde maňa şeýle diýdi: «Şu habary jar et we Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men Iýerusalimi, hawa, Siony juda gabanýaryn.


Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.


hakykat habary, Hudaýyň güýji arkaly subut edýäris. Dogrulyk – biziň ýaragymyz. Biz ony hem sag, hem-de sol elimizde göterýäris.


Şeýlelikde, hakykaty biliňize guşak edip dakynyň, dogrulygy egniňize sowut edip geýiň.


Şeýle hem gutulyş tuwulgasyny geýip, Hudaýyň sözüni, ýagny Mukaddes Ruhuň gylyjyny ele alyň.


Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň.


Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ