Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:16 - Mukaddes Kitap

16 Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi, araçynyň ýokdugyna geň galdy; Öz goly ýeňiş getirdi Oňa, Öz dogrulygy goldady Ony.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Реб хич кимиң ёкдугыны гөрди, арачының ёкдугына гең галды; Өз голы еңиш гетирди Оңа, Өз догрулыгы голдады Оны.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:16
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler


Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!


Ýa Reb, bize merhemet et! Biz Saňa umyt baglaýarys. Säherlerine güýç ber, hasratly pursatlarda bizi halas et!


Gudratly sesiňden halklar gaçýarlar, şan-şöhratyňdan milletler dagaşýarlar.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Seretdim, ýöne hiç kim ýok, aralarynda maslahatçy ýok, soragyma jogap berjek ýok.


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Ähli milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.


Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?


Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler.


Seniň adyňy tutýan, Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok; Sen ýüzüňi gizlediň bizden, bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň.


«Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň, belläň! Şäher meýdançalarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip, hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.


Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.


Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ