Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:15 - Mukaddes Kitap

15 Hakykat ýok, ýamanlykdan gaça durýan talanýar, Reb muny gördi, adalatyň ýokdugyna gynandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Хакыкат ёк, яманлыкдан гача дурян таланяр, Реб муны гөрди, адалатың ёкдугына гынанды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:15
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.


Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy. Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.


Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi.


Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.


Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.


Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar.


Olar ynsana töhmet atýarlar, kaza duzak gurýarlar, şäher derwezesinde. Haklyny adalatdan nähak mahrum edýärler.


Hilegäriň ýaragy ýamandyr, pukara dogry sözleýän hem bolsa, olar ýalan sözleri bilen ony heläk etjek bolup, niýetlerini ýamana dikýändirler.


Eý, gutulyşdan uzak bolan dikdüşdiler, gulak goýuň Maňa!


Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.


para üçin günäkäri aklaýanlaryň, dogryny hakyndan mahrum edýänleriň dat gününe!


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».


‘Ruhany Ýehoýadanyň deregine seni Rebbiň Özi ruhany edip belledi. Rebbiň öýüniň baş gözegçileri ol ýerde özüni pygamber edip görkezýän her bir däli adamy kündeläp, demir zynjyra baglasynlar.


Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.


dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty, Taňry olary görýän dälmidir?


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler, hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Isanyň hossarlary bu barada eşidende: «Isa akylyndan azaşypdyr» diýip, Ony äkitmäge geldiler.


Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi.


Ýahudylar Oňa: «Seni jyn urandygyny indi anyk bildik. Ybraýym-da, pygamberler-de öldi. Emma Sen: „Meniň sözüme uýýan adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň.


Pawlus şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni akylyňdan azaşdyrypdyr» diýdi.


Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip,


Ençeme günden soň, ýahudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler.


«Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris, damagy çalynjak goýun saýylýarys».


Biz akyldan azaşan kimin görnen bolsak, bu Hudaýy şöhratlandyrmak üçindir; eger akylly görnen bolan bolsak, bu siziň üçindir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ