Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:14 - Mukaddes Kitap

14 Adalat yza çekilýär, dogrulyk uzakda; şäher meýdançasynda büdreýär hakykat, dogrulyk aramyza girip bilmeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Адалат ыза чекилйәр, догрулык узакда; шәхер мейданчасында бүдрейәр хакыкат, догрулык арамыза гирип билмейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:14
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Ýizregel galasynyň adamlary, ýaşululary we begleri Izebeliň özlerine iberen hatynda tabşyryşy ýaly hem etdiler.


Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm.


Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Eý, gutulyşdan uzak bolan dikdüşdiler, gulak goýuň Maňa!


para üçin günäkäri aklaýanlaryň, dogryny hakyndan mahrum edýänleriň dat gününe!


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Ählimiz aýy deý arlaýarys, gögerçin deý iňňildeýäris. Adalata garaşýarys, ýöne ol ýok; halas edilmäge garaşýarys, ýöne ol bizden uzakda.


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.


Pitne turzany sebäpli gündelik ýakma gurbanlygy goşun bilen birlikde onuň ygtyýaryna berildi. Ol hakykaty ýere çalyp, her bir eden işinde üstünlik gazandy.


«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.


Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.


Adalaty ajylyga öwrenler! Dogruçyllygy ýere çalanlar!


Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.


Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, adalata ýol ýok. Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, şeýdibem, hakykat ýoýulýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ