Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 59:10 - Mukaddes Kitap

10 Körler kimin diwary sermeleýäris, sermeleşip gezýäris gözsüz kimin, günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris, güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Көрлер кимин дивары сермелейәрис, сермелешип гезйәрис гөзсүз кимин, гүнорта чагы алагараңкыда мысалы бүдрейәрис, гүйчлүлериң арасында өли ялыдырыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 59:10
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.


Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.


Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutulary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.


Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar.


Olaryň köpüsi büdräp, ýykylar, ýumrular, duzaga düşürilip, tutular».


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Bireýýäm ölenler kimin meni garaňkylykda ýaşatdy.


Kör kimin köçelerde entediler, gan bilen haram boldular. Muňa görä geýimlerine el degrip bilen bolmady.


Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin, büdremeleri artsyn diýip, Men ähli derwezelerinde howp salýan gylyjy goýdum. Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady, gyrmak üçin çykaryldy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün şeýle bolar: Günortan çagy güni batyraryn, gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.


«Munuň üçin gijäňiz görnüşsiz bolar, sizi tümlük gaplar, palçylyk edip bilmersiňiz. Pygamberleriň üstünden gün ýaşar, gündiz gijä öwrüler.


Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, siziň dadyňyza hiç kim ýetmez.


Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol tümlükdedir. Ol tümlükde gezip, nirä barýanyny bilýän däldir, sebäbi tümlük onuň gözlerini kör edendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ