Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.
Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.
Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»
Neçün Sen çaşan adam ýaly, halas etmäge güýji ýetmeýän batyr söweşiji ýaly bolýaň? Emma Sen biziň aramyzdasyň, biz Seniň adyň bilen çagyryldyk, bizi terk etme, ýa Reb!
Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.
Goşun düşelgä gaýdyp gelende, Ysraýylyň ýaşululary şeýle diýdiler: «Näme üçin Reb bizi piliştliler bilen söweşde ýeňlişe sezewar etdikä? Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin».