Işaýa 58:7 - Mukaddes Kitap7 Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi? အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап7 Чөрегиңи ач билен пайлашып, өйсүз гарыбы өйүңе гетирмек үчин дәлми? Ялаңаҗы гөренде, оңа эшик берип, гарындашларыңыздан көмегиңизи гайгырмазлык үчин дәлми? အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Onsoň ady agzalanlar turup, ýesirleri aldylar-da, olaryň arasyndaky ýalaňaçlaryna oljalardan eşikler alyp geýdirdiler. Olara eşik, çaryk geýdirip, iýmit we suw bilen üpjün etdiler; ýaralaryna ýag guýdular; ýarawsyzlaryny eşege mündürip, Ýeriho Palma galasyndaky garyndaşlaryna getirip, soň yzlaryna – Samariýa dolandylar.
Biziň süňňümizem, aslymyzam beýleki ýahudalaryňky bilen birdir. Çagalarymyzam şolaryň çagasyndan kem däl. Muňa garamazdan, biz ogullarymyzy, gyzlarymyzy gulçulyga bermeli bolýarys. Gyzlarymyzyň-a eýýäm gyrnak bolanlary-da bar. Emma biziň etjek alajymyz ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň elinde» diýýänleri-de bardy.