Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 58:5 - Mukaddes Kitap

5 Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Мениң сайлан агыз беклемәм, ынсаның өзүни кичелтмели гүни шейле болармы? Гамыш кимин башыңызы эгип, җулуң, күлүң үстүнде ятмак үчинми? Сиз муңа агыз беклеме, Реббе ярамлы гүн диййәрсиңизми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 58:5
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa bu aýalyň aýdan zatlaryny eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Patyşa galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, halk onuň eşikleriniň astyndan jul geýendigini gördi.


Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi.


Soňra Ezra Hudaýyň öýüniň öňünden gaýdyp, Elýaşybyň ogly Ýehohananyň öýüne bardy. Ol sürgünden gaýdyp gelenleriň biwepalygy üçin ýas tutup, gijäni çörek iýmän, suw içmän geçirdi.


Hudaýymyzyň öňünde özümizi peseldip, ýolda bizi, balalarymyzy we ähli emlägimizi goramagyny Ondan diläp, Ahawa derýasynyň boýunda agyz beklemegi yglan etdim.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.


Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.


Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.


Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.


Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


Ol gün Sabat güni bolup, siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün siz gije-gündiz agyz bekläň. Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun.


«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?


Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ