Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 58:3 - Mukaddes Kitap

3 Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Олар: «Биз агыз бекледик, нәме үчин гөрмейәрсиң? Өзүмизи кичелтдик, нәме үчин үнс бермейәрсиң?» диййәрлер. Ине, сиз агыз беклән гүнүңиз өз исләниңизи эдйәрсиңиз, ишчилериңизи агыр ишледйәрсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 58:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyzyň öňünde özümizi peseldip, ýolda bizi, balalarymyzy we ähli emlägimizi goramagyny Ondan diläp, Ahawa derýasynyň boýunda agyz beklemegi yglan etdim.


Bu zatlar hakda oýlanyp, beglere hem baştutanlara käýedim. Men olara: «Siziň her biriňiz öz halkyňyza göterimine pul berýärsiňiz» diýdim. Onsoň olaryň garşysyna uly jemagaty ýygnap, şeýle diýdim:


Çünki Eýýup: „Hudaýy hoşnut etmek ynsana peýda bermez“ diýýär.


Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


Ol gün Sabat güni bolup, siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün siz gije-gündiz agyz bekläň. Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun.


«Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň.


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi.


Emma ol kakasyna şeýle jogap berýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýaly işledim, hiç haçan seniň buýruklaryňa ýok diýmedim. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş-de bermediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ