Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:6 - Mukaddes Kitap

6 Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz, nesibäňiz şolardyr siziň; olara sadaka hökmünde şerap guýýarsyňyz, galla sadakasyny hödürleýärsiňiz, bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Деряның йылчыр дашларының арасындадыр пайыңыз, несибәңиз шолардыр сизиң; олара садака хөкмүнде шерап гуйярсыңыз, галла садакасыны хөдүрлейәрсиңиз, булардан соң сизи җезасыз галдырарынмы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:6
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Emma siz Rebbi terk edýänler, mukaddes dagymy unudýanlar, täleý buty üçin saçak ýazýanlar, kysmat buty üçin garyşyk şerap guýýanlar,


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».


Ysraýyl hiç ähmiýet bermedi, daşlara we agaçlara sežde etmek bilen, zyna etdi we ýurdy bütinleý harama çykardy.


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Bu zatlar üçin Men olary jezalandyrmarynmy? Munuň ýaly milletden, heý-de, öç almarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.


Bu zatlar üçin Men olary, heý-de, jezalandyrmarynmy? Beýle milletden öç almarynmy?» Muny Reb aýdýandyr.


«Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.


Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ