Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:4 - Mukaddes Kitap

4 Kimiň üstünden gülýärsiňiz? Kime garşy agyz açyp, diliňizi çykarýarsyňyz? Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz? Ýalançy nesiller dälmisiňiz?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Кимиң үстүнден гүлйәрсиңиз? Киме гаршы агыз ачып, дилиңизи чыкарярсыңыз? Сиз языклы чагалар дәлмисиңиз? Яланчы несиллер дәлмисиңиз?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:4
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi? Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni? Özüni göterýäni göterermi taýak? Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa?


«Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Bu pitneçi halk, hilegär ogullar, Rebbiň öwüdine gulak goýmaýan ogullardyr.


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


Meniň garşyma dyzanlygyň, gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetendigi üçin, burunlygymy burnuňa, agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn Men“».


Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi.


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Çünki geplesem, perýat edýärin, «Zorluk we zulum!» diýip gygyrýaryn. Rebbiň sözünden ýaňa bütin gün kemsidildim we masgara boldum.


Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý.


«Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz. Olar şol taýda günälerini dowam etdiler. Pislik edýänlere garşy uruş Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?


Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».


Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Gögüň Şalygynyň perzentleridir. Haşal otlar bolsa şeýtanyň perzentleridir.


Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir.


Soňra tutuş goşun sag-aman Makedadaky düşelgä, Ýeşuwanyň ýanyna gaýdyp geldi. Bir adamyň hem ysraýyllara garşy geplemäge gurby çatmady.


Olar öz eden ýamanlyklaryna laýyk jezasyny alarlar. Olar gündiziň güni keýp çekmekden hyjuwlanýarlar. Bular masgara hem ýüzügaradyrlar. Siziň bilen nahar iýýän wagty hem olar özleriniň hilegärliklerinden keýp alýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ