Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:3 - Mukaddes Kitap

3 Emma siz, eý, jadygöýiň çagalary, zynagäriň, kemçiniň zürýatlary, golaýrak geliň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эмма сиз, эй, җадыгөйиң чагалары, зынагәриң, кемчиниң зүрятлары, голайрак гелиң!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.


Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.


Olar her gün Meni agtarýarlar, lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden, dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini terk etmedik millet kimin Menden adyl höküm soraýarlar, Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.


Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi.


Ysraýyl hiç ähmiýet bermedi, daşlara we agaçlara sežde etmek bilen, zyna etdi we ýurdy bütinleý harama çykardy.


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


Çagalaryna-da rehim etmerin, çünki olar zynadan doglan.


Onuň ýoluna tikenli çäk çekerin, öz ýodalaryny tapmaz ýaly, Onuň garşysyna diwar guraryn.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?


Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.


Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Kimiň Hudaýyň perzendidigi, kimiň bolsa iblisiňkidigi şundan belli: dogry iş etmeýän we doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ