Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:18 - Mukaddes Kitap

18 Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Оларың ёлларыны гөрдүм, йөне шонда-да олара шыпа берерин, олара ве яс тутянлара ёл гөркезип, теселли берерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:18
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki Ol deňizler üstünde ýeriň düýbüni tutdy hem-de ony suwlaryň üstünde gurdy.


Ähli ýaşaýanlaryň arasyndaky her kes üçin umyt bar; çünki diri it öli ýolbarsdan ýagşydyr.


Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.


Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem Gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Emma siz gyssagly çykmarsyňyz, gaçyp gitmersiňiz; çünki Reb siziň öňüňizden gider, Ysraýyl Hudaýy yzyňyzda gorag bolar.


Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


«Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»


Saňa „Taşlanan“ diýen ady dakyp: „Bu Sion, halyny soraýan ýok“ diýdiler. Emma Men seni ýene-de sagaldaryn, ýaralaryňa şypa bererin». Muny Reb aýdýandyr.


Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.


Emma Men ol şähere ýene saglyk we şypa bererin, olary sagaldaryn, olara abadançylyk we parahatlyk eçilerin.


Soňra Reb meniň bilen gepleşen perişdä mähirli hem köşeşdiriji sözler bilen jogap berdi.


Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.


Günäniň mese-mälim bolmagy üçin, Kanun ara girdi. Ýöne adamlar günäni köpden-köp etdigisaýy, Hudaýyň merhemeti has-da artdy.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ