Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:16 - Mukaddes Kitap

16 Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Мен хемише айыплап, элмыдама гахарланмарын; ёгсам ярадан ынсанымың рухы, җаны тапдан дүшер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi.


Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady.


Her bir jandaryň jany, bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.


Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi.


ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:


Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz.


Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen, ýa Reb, meni terbiýele! Ýogsam meni hiç edersiň.


Sen ömürlik gaharlanjakmy? Öýke-kinäňi baky saklajakmy?“ diýip aýtdyň. Ine, sen şu zatlary aýtsaň-da, edip bilen ýamanlyklaryňy etdiň».


Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi.


Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler.


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ