Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:14 - Mukaddes Kitap

14 Ol diýer: «Topragy tekizläp, ýol taýynlaň, halkymyň ýolundaky päsgelçilikleri aýryň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ол диер: «Топрагы текизләп, ёл тайынлаң, халкымың ёлундакы пәсгелчиликлери айрың».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:14
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men öz perýadymdan halys ýadadym, gurap galdy meniň damagym; Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.


Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.


Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň.


Ähli daglarymy ýola öwrerin, şaýollarym belende galdyrylar.


Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň!


Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.


Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok.


Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn!


Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok.


«Aýaklaryňyz üçin dogry ýoly saýlap alyň». Şeýdip, goý, araňyzdaky ejiz we agsak adamlar ýykylmasynlar, tersine, şypa tapsynlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ