Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:13 - Mukaddes Kitap

13 Perýat edeniňizde, toplan butlaryňyz sizi halas etsin, olary ýel süpürip äkider, şemal uçuryp äkider olary. Ýöne Meni pena tutunýan ýurdy mülk ediner, Meniň mukaddes dagymy miras alar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Перят эдениңизде, топлан бутларыңыз сизи халас этсин, олары ел сүпүрип әкидер, шемал учурып әкидер олары. Йөне Мени пена тутунян юрды мүлк эдинер, Мениң мукаддес дагымы мирас алар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:13
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Sen kakaňyň, ejeňiň pygamberleriniň ýanyna git» diýdi. Emma Ysraýyl patyşasy Ýoram oňa: «Ýok, Rebbiň hut özi bizi, üç patyşany diňe Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.


Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly, tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular?


Erbetler bolsa beýle däldir, olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.


Seniň parzlaryňy berjaý ederin, bütinleý terk etmegin meni.


Reb Sionyň abadanlygyny gaýtaranda, bu bize bir düýş kimin göründi.


Ýüregim galpyldap, ysgynym gaçdy, meniň gözlerimiň nury galmady.


Ýa Reb, meni terk etme! Uzaklaşma menden, eý, meniň Hudaýym!


Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.


Halys tapdan düşdüm, mydar galmady, ýürek yzasyndan zar-zar gygyrýan.


Emma Sen, ýa Reb, olaryň üstünden gülýäň, ähli milletleri masgaralaýaň.


Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.


Açgöz adam jenjelçidir, Rebbe bil baglaýan bolsa doklukda ýaşar.


Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Milletiň çaparlaryna näme jogap berler? Reb Siony bina etdi, Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.


Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,


Olar ekilip, sepilip, baldaklary ýere zordan kök uran dessine, Reb demini üfleýär, olar guraýarlar, harasat olary saman dek sowurýar.


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.


mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


«Emma siz Rebbi terk edýänler, mukaddes dagymy unudýanlar, täleý buty üçin saçak ýazýanlar, kysmat buty üçin garyşyk şerap guýýanlar,


Böri bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.


Ýakupdan nesilleri çykararyn, Ýahudadan daglarymy miras aljagy; Meniň saýlanym ony miras alar, bendelerim ol ýerde ýaşarlar.


Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


Liwana çyk-da, perýat et. Başanda sesiňi gatalt, Abarymdan perýat et, çünki ähli oýnaşlaryň gyryldy.


Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.


Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.


Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin.


Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.


«Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Sionda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.


Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ