Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:11 - Mukaddes Kitap

11 Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мени алдап, ятламазыңыз ялы, йүрегиңизде Маңа ер бермезиңиз ялы, кимден эймендиңиз, кимден горкдуңыз? Узак вагтлап дымандыгым себәпли Менден горкмаярсыңызмы сиз?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:11
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.


Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.


Pisler merhemet gazansalar-da, dogrulygy öwrenmezler, adalatsyzlyk ederler, dogrularyň ýurdunda. Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.


Bu pitneçi halk, hilegär ogullar, Rebbiň öwüdine gulak goýmaýan ogullardyr.


Men uzak wagtlap dymdym, ümsüm bolup, Özümi sakladym; indi dogurýan aýal dek çygyraryn, sojap dem alaryn.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Sen: „Men ebedi melike bolaryn“ diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň».


Heý-de gyz öz şaý-seplerini, gelin öz kürtesini unudarmy? Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy.


Ýalaňaç gaýalardan bir ses eşidilýär, bu ysraýyl halkynyň agysy hem ahy-nalasydyr. Çünki olar ýollaryny urdurdylar, özleriniň Hudaýy Rebbi unutdylar.


Sidkiýa patyşa Ýermeýa: «Men babyllylaryň tarapyna geçen ýahudalaryň eline berlerin, olar maňa azar bererler diýip gorkýaryn» diýdi.


Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.


Meniň ynjatmak islemedik dogruçyl kişimiň ýüregini ýalan zatlar bilen ynjatdyňyz we erbet adam öz erbet ýolundan dönüp, diri galmaz ýaly, onuň goluna kuwwat berdiňiz.


Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.


Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“ diýýär.


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Bikanun adam gelende şeýtanyň güýji arkaly her hili ýalan gudratlary, alamatlary we mugjyzalary görkezer.


Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ