Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 57:10 - Mukaddes Kitap

10 Uzak ýollar sizi ýadatdy, emma: «Bu biderek» diýmediňiz siz. Güýjüňizi gaýtadan dikeldip, tapdan düşmediňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Узак ёллар сизи ядатды, эмма: «Бу бидерек» диймедиңиз сиз. Гүйҗүңизи гайтадан дикелдип, тапдан дүшмедиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 57:10
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň. Goý, müneçjimler, her aý üçin täleýnama düzýänler, ör tursunlar-da, başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi.


Emma olar: „Bidereklik! Biz öz pikirlerimize eýereris, kesirlik bilen öz erbet niýetlerimize görä hereket ederis“ diýerler.


Aýagyňy ýalaňaçlykdan, bogazyňy suwsuzlykdan gora. Emma sen: ‘Tamakin bolma! Men keseki hudaýlary söýdüm, olaryň yzyna eýererin!’ diýdiň.


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler.


Onuň bar zähmeti biderek boldy, galyň kesmegi ondan aýrylmaýar; kesmegiň aýrylmagyna hatda ot hem ýardam etmez.


Halklaryň çeken zähmetiniň biderek bolmagy, milletleriň özlerini biderek kösemegi bu Hökmürowan Rebbiň işi dälmidir?


Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ