Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 56:2 - Mukaddes Kitap

2 Muny edýän ynsan, ony berk saklaýan nähili bagtly! Ol Sabat gününi amal edip, ony harlamaýar, elini her hili ýaman işden saklaýar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Муны эдйән ынсан, оны берк саклаян нәхили багтлы! Ол Сабат гүнүни амал эдип, оны харламаяр, элини хер хили яман ишден саклаяр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 56:2
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim.


olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


«Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler – – diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –


Men olara dostum ýa doganym ýaly garardym, ejeme ýas tutýan dek başym aşak salyp, matam tutardym.


Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.


Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir.


Akylly adam ýamanlykdan gorkup gaça durýandyr, akmak bolsa hetdenaşa batyrsyrap, soňuny saýmaz.


Dogruçyllygyň şaýoly ýamanlykdan sowulýar, ýoluna dykgat edýän öz janyny goraýandyr.


Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.


Terbiýä berk ýapyş. Ony goýberme, ony gora. Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr.


Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.


Reb şeýle diýýär: «Sabat günlerimi amal edýän, Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan, ähtimi berk saklaýan agtalara


Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe bil baglaýan kesekileri, Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri, ähtimi berk saklaýanlary,


Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,


Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.


Mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Meniň Rebdigimi bilmegiňiz üçin, bu Meniň bilen siziň araňyzda alamat bolar“.


Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Men Rebdirin.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly!


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ