Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 56:12 - Mukaddes Kitap

12 Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Олар: «Гелиң, шерап гетирелиң! Чакырдан җулк доялың. Эртиримизем шу гүн ялы болар, хатда мунданам хас говы болар» диййәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 56:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý olara howpsuzlyk berýär, olar Oňa daýanýarlar, Onuň gözi olaryň ýollaryndadyr.


Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.


Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.


«Meni urdular, agyry duýmadym; meni ýençdiler, ony bilmedim. Ýaňadan içmek üçin, haçan turaryn?» diýersiň.


Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.


Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.


Ir turup, çakyr ugrunda ylgaýanlaryň, giç agşama çenli şerap içip, möwç alýanlaryň dat gününe!


Meýlislerinde liradyr arfa, deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär, ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler, Onuň eliniň işlerini görmeýärler.


Şerap içmekde batyrlaryň, çakyr garmakda güýçlüleriň,


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»


Ýygnagyň ýolbaşçysy Hudaýa hyzmat edýär. Şoňa görä-de, ol müýnsüz bolmalydyr. Ol özdiýenli, gyzma, şeraba meýilli, uruşgan bolmaly däl, gara nebsine çapman,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ