Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 56:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tizara azat etmäge gelerin, halas edişimi aýan ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб шейле диййәр: «Адалаты саклаң, догры ишлери эдиң, ине, Мен тизара азат этмәге гелерин, халас эдишими аян эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 56:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.


Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.


Beýikdir ýokarda oturan Reb, adalatdan, dogrulykdan doldurýar Ol Siony.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


«Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.


Dogry işleri şatlanyp edýänleri, Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda. Ýöne günä batdyk biz, Sen gaharlandyň, biz halas edilerismi?


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Efraýym täjirdir, elindäki galp terezisi bilen aldamagy söýýär.


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, men Onuň hakykatyny görerin.


Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.


Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Şalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi.


Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ