Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 55:3 - Mukaddes Kitap

3 Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Гулак асың, Маңа гелиң, диңләң, яшарсыңыз, сиз билен бакы әхт эдишерин, Давуда вада берен садык сөйгими берерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 55:3
45 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!


Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Hökmürowan Reb, muny Özüň söz berdiň. Seniň pataň bilen, goý, guluňyň nesli baky pataly bolsun!»


Ýa Hudaýymyz Reb! Seçip-saýlanyňdan Sen ýüz öwürme. Guluň Dawuda görkezen sadyk söýgiňi asla unutma!»


Eý, Hudaý, keseki milletler Seniň saýlan topragyňa aralaşdylar, mukaddes ybadathanaňy haramladylar, Iýerusalimi weýran etdiler.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Buýruklarymy sakla, şonda ýaşarsyň, öwütlerimi gözüň göreji ýaly aýa.


«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.


Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.


Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.


«Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.


Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn.


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň.


Olar ýüzlerini Siona tarap öwrüp, oňa gidýän ýoly sorarlar. „Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly Reb bilen birleşeliň“ diýerler.


Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin.


Men-Reb olaryň Hudaýy we gulum Dawut olaryň hökümdary bolar. Muny Men-Reb aýtdym.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, ýurtdaky ýyrtyjy haýwanlaryň soňuna çykaryn. Olar çölde howpsuz ýaşarlar we tokaýlarda ýatarlar.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin.


Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.


Reb ysraýyl halkyna şeýle diýýär: «Meni agtaryň, şonda ýaşarsyňyz!


Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Emma siz nähili bagtly! Sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.


Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.


Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar.


Kim Hudaýa degişli bolsa, Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, sebäbi siz Hudaýa degişli dälsiňiz».


Isanyň ölümden direlişi we asla çüýremezligi dogrusynda Hudaý şeýle diýdi: „Dawuda wada beren mukaddes ýalkanyşlarym bilen sizi ýalkaryn“.


Kanuna daýanýan dogrulyk barada Musa şeýle ýazýar: «Ony berjaý edýän adam aman galar».


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ