Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 55:2 - Mukaddes Kitap

2 Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Нәме үчин пулуңы чөрек болмаҗак зада, зәхметиңи доюрмаҗак зада сарп эдйәң? Мени үнсли диңләң, ягшы зады ийиң, җаныңыз нәз-ныгматлардан леззет алар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 55:2
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Betniýet şaýatlar garşyma çykýar, bilmeýän zadymy menden soraýar.


Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar».


Indi, ogullarym, meni diňläň! Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly!


«Gel, meniň nanymdan iý, taýýarlan şerabymdan iç.


Hudaý adama baýlyk, mal-mülk we abraý berýär, ähli islän zadyndan kemlik edýäni ýok, ýöne oňa bulardan lezzet almaga mümkinçilik bermeýär, ony bir keseki iýýär. Bu biderek, erbet dertdir.


Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näz-nygmatyny iýersiňiz.


Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».


Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.


«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler.


Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».


Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.


Olar bugdaý ekip, tiken ordular, gara zähmet çekip, haýyr görmediler. Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa alan hasyllaryna utansynlar.


Reb ýene şuny aýdýandyr: «Eger siz Maňa gulak asyp, Sabat güni bu şäheriň derwezelerinden ýük salmasaňyz, hiç bir iş etmän, Sabat gününi mukaddes hasaplasaňyz,


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Ruhanylary doýraryn bol iýmitden, halkym hem doýar näz-nygmatdan». Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


Halklaryň çeken zähmetiniň biderek bolmagy, milletleriň özlerini biderek kösemegi bu Hökmürowan Rebbiň işi dälmidir?


Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».


Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär.


Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.


Ol mähelläni ýene ýanyna çagyryp, olara: «Hemmäňiz Meni diňläň hem düşüniň.


Baga bakylan göläni getirip, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň!


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Şunlukda, iman eşitmekden, hawa, Isa Mesih hakdaky Hoş Habary eşitmekden döreýändir.


Ysraýyl halky bolsa Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanmakçy boldy, ýöne muny başarmady.


Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk etseňiz,


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ