Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 55:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эй, тешнелер, сува гелиң! Эй, пулсузлар, гелиң, галла сатын алың, ийиң! Гелиң, шерабы, сүйди пулсуз алың!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 55:1
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary, peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary!


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


«Eý, adamlar, men sizi çagyrýaryn, çagyryşymy ynsan ogullaryna gönükdirýärin.


Danalyk özüne jaý gurdy, onuň ýedi sütünini ýondy.


«Gel, meniň nanymdan iý, taýýarlan şerabymdan iç.


Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý, adyň-da dökülen atyr deý, şonuň üçin gyzlar söýýärler seni.


Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näz-nygmatyny iýersiňiz.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Reb şeýle diýýär: «Siz mugt satyldyňyz, yzyňyza pul tölenmän alnarsyňyz».


Soňra ol adam meni öwrüp, Hudaýyň öýüniň girelgesine getirdi. Öýüň bosagasynyň aşagyndan gündogara tarap suw akýardy. Öý gündogara tarap bakýardy. Suw öýüň sag tarapyndan, gurbanlyk sypasynyň günortasyndan inýärdi.


Bu şeýle bolar: derýanyň akyp baran ýerlerinde dürli-dümen suw jandarlarynyň ählisi diri galar. Ol ýerde balyk köp bolar, bu suwlar ol ýere akyp barar. Olar tämizlenip, derýanyň akyp baran ýerindäkileriň bary diri galar.


Aşur bizi halas edip bilmez. Söweşe atlanmarys. Indi el bilen ýasan işimize „hudaýymyz“ diýmeris. Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».


Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.


Efraýym halky batyrlar kimin bolar, şerap içen deý olaryň köňli hoş bolar. Muny ogullary görüp guwanarlar; olaryň göwünleri Rebde galkynar.


Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.


Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.


Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.


«Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar.


Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.


Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň.


Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler.


Size gaty-guty bermedim, süýt berdim. Sebäbi siz gaty-gutyny iýmäge heniz taýyn däldiňiz. Şindi hem taýyn dälsiňiz.


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin.


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.


Bowaz galanyň derwezesiniň agzyna gelip oturdy. Şol wagt Bowazyň: «Ol saňa has ýakyn hossardyr» diýen adamy geçip barýardy. Bowaz ony gören badyna adyny tutup: «Bärik sowul, gel, şu ýerde otur» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Ol gelip oturdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ