Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 54:3 - Mukaddes Kitap

3 Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сен сага-сола яйыларсың, несиллериң миллетлери эеләп, чола шәхерлерде орнашарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 54:3
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Yshak ol ýerden göçdi we ýene-de bir guýy gazdy, ýöne oňa dawa eden bolmady, şol sebäpden hem ol: «Ahyrsoňy Reb bize giň meýdan berdi, indi biz bu ýurtda örňäris» diýip, soňky guýynyň adyna Rehobot dakdy.


Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul-gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.


Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň! Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň; ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň.


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Perzentleriňiz çäge deý, nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy; atlary huzurymdan aýrylmaz, ýok edilmez».


Ine, olar uzaklardan, käsi demirgazykdan, käsi günbatardan, hatda Sinim ýurdundan gelerler.


Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.


Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb sebäplidir, Ol sizi şöhratlandyrdy.


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».


Hawa, ýahudylaryň bu günäsi bütin dünýäniň ýalkanmagyna sebäp boldy. Olaryň bu günäsi başga milletler üçin bähbitli boldy. Eger olaryň günäsi şeýle ýalkanyşy getiren bolsa, onda tutuş Ysraýyl Hudaýa dolananda, bu ýalkanyş gör bak nähili bolar!


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ