Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.
Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.
Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin.
Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.
Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň, ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
Ine, ol günlerden soň Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Muny Reb aýdýandyr.
Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.