Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 54:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб: «Шатлан, эй, чага догмадык, өнелгесиз, бургуда болмадык, бегенчден айдым айт! Чүнки өң терк эдилен аялың огуллары әрли аялың огулларындан көп болар» диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 54:1
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sara: «Hudaý maňa begenç hem gülki getirdi. Oglumyň bolandygyny eşiden her kişi meniň bilen bile gülşer.


Bize däl, ýa Reb, bize däl, söýgiň we wepadarlygyň hatyrasyna şan-şöhrat ber Sen Özüňe!


Kiçi uýam bar, mämeleri heniz tözlenmedik, uýamyza söz aýdylan güni onuň üçin näme ederis?


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Olar seslerini gataldyp, begenjine heşelle kakarlar, Rebbiň beýikligi üçin günbatardan gygyryşarlar.


Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


Ýeriň weýran edilip, çolaran bolsa-da, haraba dönen bolsa-da ýurduň, indi ýurt halkyňa darlyk eder, seni ýuwudyp-ýalmanlar senden uzaklaşarlar.


Agyr ýitgi astynda doglan çagalaryň ýene saňa şeýle diýerler: „Bu ýer bize darlyk edýär, mesgen tutara bize ýer ber“.


Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.


Burgusyz dogurdy, bir ogul dogurdy azap çekmän.


Heşelle kak, eý, Sion gyzy, batly ses bilen gygyr, eý, Ysraýyl! Bütin kalbyňyz bilen joşup şatlanyň! Eý, Iýerusalim gyzy!


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Mukaddes Ýazgylarda: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» – diýip ýazylgydyr.


Doklar bir döwüm çörek üçin günlükçi boldular, açlar bolsa doýdular. Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy, köp çagaly aýal perzentsiz galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ