Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 53:6 - Mukaddes Kitap

6 Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Әхлимиз эдил гоюн ялы азашдык; өз ёлумыз билен гитдик херимиз, Реб әхлимизиң этмишимизи оңа йүкледи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 53:6
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, Yshak birden: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin janly nirede?» diýdi.


Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.


Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


«Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl». Muny Reb aýdýandyr.


Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.


Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň».


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“ diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.


Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy; her kim öz göwnüne gelenini ederdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ