Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 53:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол Реббиң өңүнде нәзик майса дек, гуры ердәки көк дей өсди; бизиң оңа середеримиз ялы, онда не шекил, не сырат барды, арзувларымыз ялы кешп ёкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 53:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Köpler oňa haýran galdy. Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy, syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.


Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn.


Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.


Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.


Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.


Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.


Şol wagt başy tikenden täçli, egni gyrmyzy donly Isa daşary çykdy. Pilat olara: «Ine, ol Adam!» diýdi.


Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys.


ýa-da onuň bellän emeldarlary bolsun, tapawudy ýok, olara tabyn boluň. Patyşa öz emeldarlaryny ýamanlyk edenleri jezalandyrmaga, ýagşylyk edenleri taryplamaga belledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ