Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 52:9 - Mukaddes Kitap

9 Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Эй, Иерусалимиң харабалары, шатлык билен айдыма гыгырың! Реб Өз халкына теселли берди, Иерусалими азат этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 52:9
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki ýaradan zatlarynyň ählisi, Rebbi alkyşlaň! Eý, janym, Rebbi alkyşla!


Sen adalaty söýýän Patyşa: ýüz görmezligi, adalaty, dogrulygy berkarar etdiň; bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Bütin dünýä dynçlykda, rahatlykda; olar aýdyma başlaýarlar.


Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär.


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».


Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,


Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.


Olar gadymy harabalary täzeden gurarlar, öňki weýran bolan ýerleri dikelderler, nesilden-nesle weýran bolan şäherleri, harabalyklary abatlarlar.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.


Mukaddes Ýazgylarda: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk önelgesiz, burguda bolmadyk, begençden aýdym aýt! Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» – diýip ýazylgydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ