Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 52:7 - Mukaddes Kitap

7 Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Дагдан ашып, парахатлыгы ыглан эдйән хабарчының гелши не гөзелдир! Ол: «Реб Халасгәрдир» дийип җар эдип, Сиона: «Худайың хөкүм сүрйәр» дийип, хош хабар гетирйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 52:7
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duşmanlarymyza garşy bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.


Agyz bekläp, gözýaş döküp, ruhumy syndyranymda, bularyň bary maňa gyjalat boldy.


Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!


Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar, olary erbet adamyň elinden halas eýleýär.


Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi.


Reb Sionda beýikdir, ähli halklardan beýgeldilendir.


Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!


Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.


Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.


Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym.


Çöl we onuň şäherleri, kedarlylaryň ýaşaýan obalary sesini gataltsyn! Selanyň ilaty şatlykdan aýdym aýtsyn, daglaryň başyndan gygyryşsynlar!


Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda Men – Reb olara hökümdarlyk ederin».


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy, galalaryňy gora, ýoly garawulla. Biliňi berk guşap, bar güýjüňi jemle.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir.


Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.


Perişde olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habary yglan edýärin:


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Aýagyňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etmek taýynlygyny geýiň.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Soňra men gökde uçup ýören bir perişdäni gördüm. Ol ýer ýüzünde ýaşaýanlara: her millete we tirä, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ