Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 52:6 - Mukaddes Kitap

6 «Munuň üçin halkym Meniň adymy biler; şonuň üçin gepleýäniň Mendigimi şol gün bilerler. Ine, bu Mendirin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 «Мунуң үчин халкым Мениң адымы билер; шонуң үчин геплейәниң Мендигими шол гүн билерлер. Ине, бу Мендирин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 52:6
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi.


Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin.


Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym.


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Ine, öňki zatlar amala aşdy, Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin».


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Eý, ysraýyl halky! Men siziň öz tutan ýollaryňyza we ýaramaz işleriňize görä däl-de, Öz adymyň hatyrasyna hereket edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ