Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 52:15 - Mukaddes Kitap

15 Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Ол көп миллетлери гең галдырар; патышалар онуң янында агзыны юмарлар; чүнки олар өң айдылмадык зады гөрүп, эшитмедик затларына дүшүнерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 52:15
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Halyma seredip, akylyňyz çaşsyn, eliňizi agzyňyza tutuň.


Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.


Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb sebäplidir, Ol sizi şöhratlandyrdy.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


Onsoň tämiz adamlardan biri käkilik otuny suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin.


Olary tämizlemek üçin şeýle et: olaryň üstüne tämizlik suwuny sepele, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler.


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Musa iman arkaly Pesah gurbanlyk janlysyny öldürmegi we olaryň ganyny gapynyň söýelerine çalmagy buýurdy. Ol muny ysraýyl halkynyň nowbahar ogullaryna Ölüm perişdesiniň el degirmezligi üçin etdi.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ