Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 52:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma siz gyssagly çykmarsyňyz, gaçyp gitmersiňiz; çünki Reb siziň öňüňizden gider, Ysraýyl Hudaýy yzyňyzda gorag bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма сиз гыссаглы чыкмарсыңыз, гачып гитмерсиңиз; чүнки Реб сизиң өңүңизден гидер, Ысрайыл Худайы ызыңызда гораг болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 52:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, hüjüme geç, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Hudaýyň seniň öňüňe düşdügidir».


Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr.


Müsürliler öz ýurdundan ysraýyllary çalt çykarmak üçin gyssaýardylar. Sebäbi olar: «Biziň hemmämiz öleris» diýişýärdiler.


Ysraýyllar Müsürden alyp gaýdan hamyrlaryndan petir kökeler bişirdiler. Hamyr petirlikdi, sebäbi olar Müsürden gyssanmaç kowlup çykarylypdylar. Olar hatda özlerine ýol üçin azyk-owkat hem taýýarlap ýetişmändiler.


Reb Müsür şasy faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy.


Dogrularyň ýoly düzdür. Eý, Adyl Bolan, dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Men öňüňden gidip, daglary tekizlärin, bürünç gapylary kül ederin, demir kiltlerini döwerin.


Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem Gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.


Ähli daglarymy ýola öwrerin, şaýollarym belende galdyrylar.


Ýesirler basym azat ediler, ölmez, gabra inmez olar, çörekleri kemlik etmez.


Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.


Şonda nuruňyz daň kimin ýalpyldar, basym şypa taparsyňyz, dogrulygyňyz öňüňizden gider, Rebbiň şöhraty yzda goragyňyz bolar.


Taňry ýol açyp, halkyň öňünden gider. Gala derwezelerini ýykyp, daşary çykarlar. Patyşalary baş bolar, Reb öňlerinden ýörär.


Iň soňunda düşelgeleriň yzky goragy hökmünde danlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Emişadaýyň ogly Ahygezer baştutanlyk edýärdi.


Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz.


Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“.


Olaryň hemmesi geçip bolandan soňra Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar geçdiler we olar halka baş bolup, adamlaryň öňünden ýörediler.


Emma Ýeşuwa öz adamlaryna: «Özüm buýruk berýänçäm, sesiňizi çykarmaň, agzyňyzdan bir söz hem çykmasyn, diňe aýdan wagtym gygyryň, diňe şol wagt gygyryň» diýdi.


Debora Baraga: «Tur, Rebbiň Siserany seniň eliňe berjek güni şu gündür. Rebbiň Özi seniň öňüňe düşer» diýdi. Şeýlelikde, Barak Tabor dagyndan aşak indi, onuň yzy bilen on müň adam gaýtdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ