Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 52:11 - Mukaddes Kitap

11 Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Барың, гидиң, ол ерден чыкың! Харам затлара эл дегирмәң; ол ерден чыкып, тәмизлениң, эй, Реббиң гап-гачларыны гөтерйәнлер!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 52:11
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol suw bilen Harun we onuň ogullary ellerini we aýaklaryny ýuwsunlar.


Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň.


Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.


Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.


Özüň üçin çelgiler goý, ýol görkezýän sütünler dik, ýoluňy, ýörän şaýoluňy gowuja anykla. Yzyňa dolan, eý, Ysraýyl boý gyzy, öz şäherleriňe tarap öwrül!


Babyldan gaçyp gutulyň, babyllylaryň ýurdundan çykyň, süriniň öňüni çekýän erkeç kimin boluň.


Eý, halkym, ol ýerden çyk, Rebbiň gahar-gazabyndan hemmäňiz janyňyzy halas ediň.


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Meniň halkyma mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň parhyny öwretmeli.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“».


Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.


«Aýdym aýt, şatlan, eý, Sion gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb aýdýandyr.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi.


Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.


Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar.


«Ysraýyllaryň arasyndan lewileri bölüp aýyr-da, olary tämizle.


Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi.


Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi.


Men hiç bir zadyň öz-özünden haram däldigini bilýärin, Rebbim Isa Mesih hem meni bu babatda ynandyrýar. Ýöne kim haýsydyr bir zady haram saýýan bolsa, onuň üçin haramdyr.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ