Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 52:1 - Mukaddes Kitap

1 Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Оян, эй, Сион, оян! Гудратыңа беслен! Эй, Иерусалим, мукаддес шәхер, гөзел лыбаса гир! Сүннетсизлер, харам адамлар ичери гирмезлер асла.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 52:1
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, huzuryna giriň. Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň;


Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik.


Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik.


Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Kazylaryňy ozalky halyna, maslahatçylaryňy öňki halyna dikelderin. Şondan soň saňa: „Dogrulyk şäheri, sadyk şäher“ diýler».


Derwezeleri açyň, sadyk, dogry millet içeri girsin.


Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.


Sionda galanlara – Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýler.


Özlerini mukaddes şäherden diýip, Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar; Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler. Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň.


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Tur, parla, nuruň geldi, üstüňde Rebbiň şöhraty dogdy.


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Sion düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany, eý, mukaddes dag!“


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden hiç bir sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişek Meniň mukaddes öýüme girmeli däldir.


Soňra men onuň sesiniň owazyny eşitdim. Geplände onuň sesini eşidip, huşumdan gitdim we ýere ýüzin ýykyldym.


«Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Sionda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


Perişde öňünde duranlara: «Onuň kirli geýimlerini çykaryň» diýdi. Ol Ýeşuwa ýüzlenip: «Seret, günäňi aýryp taşladym, men saňa toý lybasyny geýdirýän» diýdi.


Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp:


Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň.


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Hakyky dogrulyk we mukaddeslik bilen Hudaýyň keşbinde ýaradylan täze ýaradylyşa besleniň.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


Nepis, ap-ak we tämiz zygyra beslenen gökdäki goşun ak atlara atlanyp, Onuň yzyndan gelýärdi.


Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Bu şähere hiç bir murdar zat, nejislik edýänleriň, ýalan sözleýänleriň hiç biri girmez. Oňa diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar girerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ