Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 51:5 - Mukaddes Kitap

5 Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Азат этмек үчин тиз чыкарын, Мен халас этмәге ёла дүшдүм, голларым халклара хөкүм эдер, адалар Маңа интизардырлар, гудратыма умыт баглаярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 51:5
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: milletleriň mirasyny olara berdi.


Dogry adamlar bolsa şadyýan bolar, Hudaýyň öňünde şatlykdan joşup gygyrar, begençden ýaňa heşelle kakar.


Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny şöhratlandyryň deňiz adalarynda.


Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr.


Ýa Reb, bize merhemet et! Biz Saňa umyt baglaýarys. Säherlerine güýç ber, hasratly pursatlarda bizi halas et!


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň kanunyna garaşarlar.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy tutdy.


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tizara azat etmäge gelerin, halas edişimi aýan ederin.


Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi, araçynyň ýokdugyna geň galdy; Öz goly ýeňiş getirdi Oňa, Öz dogrulygy goldady Ony.


Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşyş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy.


Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi: «Sion gyzyna şeýle diý: „Ine, Halasgäriň gelýär; Onuň sylagy ýanyndadyr“».


Men seretdim, kömekçi ýokdy; hiç kimiň Meni goldamaýandygyna haýran galdym. Onsoň Öz golum Maňa ýeňiş getirdi, Öz gazabym Meni goldady.


«Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.


Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Ýok, bu sözler size juda ýakyndyr. Ýerine ýetirmegiňiz üçin bu siziň agzyňyzda we ýüregiňizdedir.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ