Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 51:3 - Mukaddes Kitap

3 Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реб Сиона, онуң әхли харабаларына теселли берер, онуң чөлүни Эрем дей эдер, Реббиң багы дей эдер онуң сәхрасыны; шатлык ве бегенч, шүкүр ве айдым сеси эшидилер ондан.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 51:3
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi.


Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar;


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.


bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


Ýeriň weýran edilip, çolaran bolsa-da, haraba dönen bolsa-da ýurduň, indi ýurt halkyňa darlyk eder, seni ýuwudyp-ýalmanlar senden uzaklaşarlar.


Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Ýaratjak zatlaryma şatlanyp, baky begeniň; Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin, halkyny-da begenç üçin ýaratjak.


Argyn jana dynçlyk bererin, ähli mejalsyzlary doýraryn».


Sen Eremde – Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.


Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Şonda olar şeýle diýerler: „Beý-bä! Ozal çolaryp galan ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr-ow! Haraba bolup, weýran edilen gala dikeldilip, ilatly ýere öwrülipdir!“ diýerler.


Onuň öňünden ot ýalmap-ýuwudýar, yzyndan-da ýalyn köýdürýär. Öň ýanynda toprak Erem bagy deý, yz ýanynda – tozap ýatan beýewan. Ondan hiç zat gutulyp-da bilmeýär.


Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ