Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 51:22 - Mukaddes Kitap

22 Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Таңры Реббиңиз, Өз халкыны гораян Худайыңыз шейле диййәр: «Ине, Мен серхош эдйән кәсәни элиңден алдым, Мениң газап кәсәмден мундан бейләк ичмерсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 51:22
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury.


Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.


Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.


Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl.


Çagalary halkyma sütem edýärler, aýallary üstlerinden höküm sürýärler. Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar, ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.


Reb dawa tutmaga ýerinden galýar, halklara kazylyk etmek üçin aýaga galýar.


Emma Reb şeýle diýýär: «Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar, zalymyň oljasy elinden azat ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.


Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň.


Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler.


Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir.


Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin, seniň öjüňi alaryn, Babyl deňzini takyradaryn, çeşmesini guradaryn.


Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi.


Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň, ömrümi halas eden Sensiň.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Çünki, siz, ýahudalar, Meniň mukaddes dagymda içdiňiz. Ähli milletler-de hemişe şeýle içerler we ýuwudyp, asla bolmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi jeza käsesinden içerler.


Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, men Onuň hakykatyny görerin.


«Men Iýerusalimi daş-töweregindäki halklar üçin başyňy aýlaýan şeraply bir käse ederin. Iýerusalim gabawa düşende, bu käseden Ýahuda-da içer.


Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.


Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ