Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 51:20 - Mukaddes Kitap

20 Ogullaryň tapdan düşüp, her köçäniň başynda ýatyrlar, tora düşen dag keýigi ýaly bolup; Rebbiň gazabyndan, Hudaýyň käýinjinden pürepür olar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Огулларың тапдан дүшүп, хер көчәниң башында ятырлар, тора дүшен даг кейиги ялы болуп; Реббиң газабындан, Худайың кәйинҗинден пүрепүр олар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 51:20
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl.


Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar, ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň.


Munuň üçin, eý, azap çeken, çakyrsyz serhoş bolan halk, muny eşit!


Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.


Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.


Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin.


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.


Oýnaşlarymy çagyrdym, emma olar meni aldawa saldylar. Ruhanylarym we ýaşulularym täzeden güýje girmek üçin özlerine iýmit gözleýärkäler, şäherde heläk boldular.


Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.


Reb gahar-gazabyny pürkdi, lowlaýan gaharyny saçdy. Siona garşy tutaşdyran ody onuň düýplerini-de ýandyrdy.


Sionyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy!


Ýigitler degirmen daşyny aýlaýarlar, olar odun ýüküň astynda ýegşerýärler.


Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.


Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer, onsoň Babyla getirip, Maňa eden dönükligi sebäpli oňa höküm çykararyn.


Siziň üçin kesen gurbanlygymdan doýýançaňyz ýag iýersiňiz, serhoş bolýançaňyz gan içersiňiz.


keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy.


Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ