Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 51:19 - Mukaddes Kitap

19 Başyňa bu iki bela: harabaçylyk we weýrançylyk, açlyk we gylyç geldi. Kim saňa duýgudaşlyk bildirer? Saňa nädip göwünlik bereýin?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Башыңа бу ики бела: харабачылык ве вейранчылык, ачлык ве гылыч гелди. Ким саңа дуйгудашлык билдирер? Саңа нәдип гөвүнлик берейин?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 51:19
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar.


Onsoň ähli doganlarydyr uýalary we öňki tanyşlary Eýýuby görmäge gelip, öýünde bile çörek iýdiler. Onuň başyna Rebbiň getiren belalary üçin duýgudaşlyk bildirip, oňa teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir bölek kümüş bilen altyn ýüzük berdiler.


Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.


Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.


Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


«Eý, harasada düşüp, teselli tapmadyk muşakgatly şäher! Daşlaryňy gymmatbaha daşlardan goýup, gök ýakutlar bilen düýbüňi tutaryn.


Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.


Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,


Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.


Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýer.


Eý, Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar? Seniň üçin kim aglar? Hal-ýagdaýyňy soramak üçin ýolundan sowlup, kim seniň ýanyňa geler?»


Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».


Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Üstümize howp we hile, harabaçylyk we weýrançylyk abandy.


Eger Men ol ýurda ýyrtyjy haýwanlary ýollasam, olar-da ony adamsyz goýsalar, ýurt haraba dönüp, ýaňky haýwanlardan ýaňa onuň içinden hiç kim geçmese,


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»


Hakyky, bularyň bary bize teselli berdi. Siz Titusy begendirip, onuň köňlüne teselli beripsiňiz. Biz onuň begenjini görenimizde, muňa öz begenjimizden-de köp begendik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ