Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 51:10 - Mukaddes Kitap

10 Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, azat edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Деңзи, улы чуңлугың сувларыны гурадан, азат эдиленлер гечсин дийип, деңзиң чуң ерлерини ёла өврен Сен дәлмидиң?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 51:10
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady, zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.


Çünki Ol teşne jany gandyrýar, ajygany näz-nygmatdan doýurýar.


Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?


Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.


Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.


Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan.


Ysraýyllaryň Müsürden çykan güni Ysraýyla edişi ýaly, Rebbiň Aşurda aman galan halky üçin uly ýol açylar.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.


Arslan bolmaz ol ýerde, ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz, olar onda tapylmaz, bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler.


Daglary, baýyrlary weýran ederin, ähli ösümliklerini guradaryn, derýalary adalara öwrerin, howdanlary guradaryn.


Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär:


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Bize ajaýyp zatlar görkez Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.


Reb jebir deňzinden geçirer, deňiz tolkunlaryny köşeşdirer. Niliň düýpsüz çuňluklary gurar, Aşuryň tekepbirligi çöker, Müsüriň şalyk hasasy elinden gider.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ