Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 51:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб шейле диййәр: «Эй, догрулыгы ызарлаянлар, эй, Ребби агтарянлар, Маңа гулак гоюң! Кесилип алнан гаяңыза, газылып чыкарылан чукурыңыза середиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 51:1
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Emma agyr günlerinde olar Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýüz tutup, Ony agtardylar; Ol Özüni olara aýan etdi.


Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir sadyk söýgiňi, çünki olar bardyr gadymdan bäri.


Erbetleriň ýoly Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllygy yzlaýany bolsa Ol halaýandyr.


Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam ýaşaýyş hem hormat tapar.


Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.


Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.


Eý, Ýakup, eý, çagyranym Ysraýyl, Meni diňle! Men Şolduryn, Ilkinji-de, Ahyrky-da Mendirin.


«Meni diňle, eý, halkym, Maňa gulak goý, eý, milletim! Menden bir kanun çykar; adalatym halklara nur bolar.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň.


Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar».


Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.


Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.


Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.


Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.


Eý, doganlar! Men bulary gazanandyryn öýdemok. Emma ýeke-täk şuny welin edýändirin: yzda galan zatlary unudyp, öňdäkilere ýetmäge ymtylýaryn.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Ýaşlyk höweslerinden gaç. Päk ýürekden Rebbe ybadat edýänler bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk ýörelgelerine eýer.


Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ