Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Инди Мен сизе үзүмчилигиме нәме этҗекдигими айдарын. Мен онуң хаядыны айрарын, ол вейран эдилер; онуң диварыны йыкарын, оны басгылап заяларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 5:5
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly, geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran minara guralyň» diýişdiler.


Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi.


Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»


Ine, bar ýeri haşal ot basan eken, üstüni bürmek örten eken, daşyndaky diwary ýykylan eken.


Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty; ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.


Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.


Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener.


Eý, özlerine buýsanýan aýallar, bir ýyldan soňra titreşersiňiz, çünki üzüm hasyl bermez, miwe ýygymy bolmaz.


Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin.


Mendenem, sendenem öň ýaşap geçen pygamberler köp ýurtlara we beýik patyşalyklara garşy urşy, betbagtlygy, mergini owaldan bäri pygamberlik edipdiler.


Reb Baruga şeýle diýýär diýip aýt: «Ine, tutuş ýer ýüzünde dikenimi ýykaryn, ekenimi sogrup taşlaryn.


Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.


Ybadathanasyny çatma deý ýykdy, halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi. Reb Sionda baýramlardyr Sabat gününi unutdyrdy. Gahar-gazaba münüp, patyşany we ruhanyny ret etdi.


Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.


Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?»


Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.


«Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ