Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 5:30 - Mukaddes Kitap

30 Şol gün olar awunyň üstünde deňiz güwwüldisi kimin arlarlar, kim ýurda nazar salsa, ine, garaňkylyk hem hasrat; nur gara bulutlar bilen örtüler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Шол гүн олар авуның үстүнде деңиз гүввүлдиси кимин арларлар, ким юрда назар салса, ине, гараңкылык хем хасрат; нур гара булутлар билен өртүлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 5:30
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla.


Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz.


Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.


Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi! Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar! Ah! Halklaryň güwwüldisi! Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler!


Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.


Muňa görä adalat bizden uzakda, gutulyş bizden daşda; biz nura garaşýarys, ýöne diňe garaňkylyk; ýagtylyga garaşýarys, ýöne tümlükden barýarys.


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Reb şeýle diýýär: «Siz: „Biz sag-salamatlyk däl-de, howp hem howsala sesini eşitdik“ diýýäňiz.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular».


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn.


Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.


Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün şeýle bolar: Günortan çagy güni batyraryn, gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.


Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.


Guzy altynjy möhüri döwende, ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara ýüňden dokalan jul kimin garaldy, Aý bolsa gana döndi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ