Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 5:26 - Mukaddes Kitap

26 Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer, olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar, ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ол узакдакы миллетлере нышан иберер, олары ериң аңры уҗундан сыкылык билен чагырар, ине, олар дазлап, тизден етип гелерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 5:26
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki Sen meniň penamsyň, duşmana garşy mäkäm galamsyň.


Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.


Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň, söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden, begleriň derwezelerinden girer ýaly, olara el bulaň.


Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim, urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.


Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.


Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.


Eý, bütin dünýäniň ilaty, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Daglaryň çür başynda baýdak dikilende serediň! Surnaý çalnanda diňläň!


Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin gaçarsyňyz! Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz. Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.


Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Muny ody Sionda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.


Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.


Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýaguçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


«Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak. Ol güýçli hem gadymy milletdir. Sen ol milletiň dilini bilmersiň, näme aýdýanyna düşünmersiň. Muny Reb aýdýandyr.


Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.


Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyldamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler.


Olar söweşiji deý hüjüm edýärler, esgerler deý dyrmaşýarlar diwara. Hersi barýar öňe öz ugry bilen, sowulmaýar olar öz ýodasyndan.


Atlary barsdan ýüwrük, özlerem gijeki aç gurtdan guduz. Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.


Sykylyk çalyp, toplaryn olary, çünki Men azat etdim olary. Köpelerler olar hut öňküleri ýaly.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ