Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.
Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.
Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.